Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Sen uýaňyň ýolundan ýörediň, Men onuň käsesini seniň eliňe bererin». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sen uýaňyň çuň we giň käsesinden içersiň, bu käsäniň pürepürdigi sebäpli, seniň üstüňden gülnüp masgara bolarsyň. Serhoşlykdan we gaýgydan dolarsyň, ol seniň uýaň Samariýanyň käsesidir, ol elhençlik hem weýrançylyk käsesidir. Ony içip tükedersiň, böleklerini ýenjip, göwsüňi parçalarsyň, Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär». Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meni unudandygyňa, Menden ýüz öwrendigiňe görä sen hem öz haýasyzlygyň we zynagärligiň üçin jezaňy çek». Sen gündizlikde, pygamber bolsa gijelikde seniň bilen büdrär. Seniň ejeň Ysraýyly ýok ederin. Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär. Şonda-da olar öz Hudaýy Rebbe dolanmaýarlar. Barybir Ony gözlemeýärler.
Выбор основного перевода