Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Eý, Hudaýy unudanlar, bu barada oýlanyň, ýogsa Men sizi parça-parça ederin, sizi halas eden tapylmaz. Hudaý meni peýleýän aýydyr, bukuda ýatan arslandyr. Şonuň üçin men olara arslan ýaly bolaryn. Gaplaň kimin ýoluň ýakasynda, bukuda garaşaryn. Çagalaryndan aýrylan aýy ýaly topularyn, olaryň döşüni çekelärin. Ene arslan kimin olary iýip gutararyn. Wagşy haýwan ýaly olary parçalaryn. Ýakubyň neslinden aman galanlary milletleriň, köp halklaryň arasynda jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan, goýun sürüsine aralaşan şir çagasy dek bolarlar, arslan deý hüjüme geçende, basgylap, tüýdüm-tüýdüm eder, hiç kim olary onuň penjesinden halas etmez.
Выбор основного перевода