Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
«Eý, ynsan ogly! Bu adamlaryň ýüregi butlara baglandy. Günä edip, büdreme daşyny öz öňlerinde goýdular. Heý, şundan soň hem Men bulara Özüme maslahat saldyrarynmy? Aýdalyň, ysraýyl halkyndan bolan ýa-da Ysraýylda gelmişek bolup ýaşaýan biri Meni terk edip, ýüregini butlara baglap, etmişini büdreme daşy hökmünde öz öňünde goýupdyr. Onsoň ol Maňa maslahat salyp, pygamberlere ýüz tutsa-da, Men-Reb oňa öz etmişlerine görä jogap bererin. «Gyjalat beriň ejeňize, gyjalat, çünki ol Meniň aýalym däl; Men hem onuň äri däl; goý, ýüzünden görünýän zynahorlygy, teninden azgynlygy aýyrsyn. Çünki olaryň ejesi zyna etdi we bilinde çaga galdyryp, özüni ryswa etdi. Çünki: „Maňa nan bilen suwumy, ýüňümi, zygyr matamy, zeýtun ýagymy hem içgimi berýän oýnaşlarymyň yzyndan gitjek“ diýdi. Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär. Ysraýyl hem Efraýymyň günälerine büdräp ýykylar. Ýahuda hem birlikde ýykylar.
Выбор основного перевода