Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Ýer ýüzi solýar, guraýar heläk bolup, ýitip gider dünýä; dünýäniň halklarynyň güýçlüleri heläk bolarlar. Seretdim, hiç bir ynsan ýokdy, gökdäki ähli guşlar uçup gidipdir. Şonuň üçin ýurt ýas tutar, asman garalar. Men sözledim, Men karar etdim, gaýtmyşym etmerin, pikirimden dänmerin». Meýdanlar boşady, toprak aglaýar, çünki weýran boldy onuň gallasy. Şerap gurap galdy, zeýtun-da soldy. Mal-gara neneňsi zaryn yňranýar! sygyr sürüleri yranyp barýar, çünki olar üçin ýokdur ýaýlalar; goýun sürüleri-de ysgyndan düşen. «Ýer ýüzünden bar zady bütinleý syryp-süpürjek. Ynsanu-haýwany, gökdäki guşlary, deňizdäki balyklary süpürip taşlajak. Pisleri büdretjek, ynsany ýer ýüzünden ýok etjek». Muny Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода