Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Şa gyzlary bardyr hormatly zenanlaryňyň içinde, opyr tyllasyna beslenen şa gyzy dur seniň sagyňda. Sion adalatlylyk bilen halas ediler, toba edenler dogrulyk bilen. Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa, mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa, emma saňa «Söýdügim», ýurduňa «Ärli» diýler; Reb seni söýýär, ýurduň ärli bolar. Ýigidiň gyza öýlenişi dek, ogullaryň-da saňa eýe çykarlar, giýewiň gelni üçin şatlanyşy dek, Hudaý-da seniň üçin şatlanar. Eý, biwepa halk, Maňa dolan, muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki siziň hojaýynyňyz Mendirin. Men sizi bir-birden şäherden, iki-ikiden urugdan çykaryp, Siona getirerin. Men size Öz göwnümdäki ýaly çopanlary berjek, olar sizi bilim we düşünje bilen bakarlar. Men sizi Hudaýyň gabanjaňlygy bilen gabanýandyryn. Sebäbi men sizi ýeke-täk bir Ýigide, ýagny Mesihe adaglap, sizi Oňa päk gyz hökmünde niýetledim. Geliň, begeneliň hem şatlanalyň! Ony şöhratlandyralyň! Çünki Guzynyň toýy başlanýar, Onuň gelinligi hem taýýar bolup dur:
Выбор основного перевода