Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Çünki Hudaýyňyz Reb sizi gowy ýurda alyp barýar. Ol ýerde çeşmeler, bulaklar, şeýle hem, jülgelerden we daglardan akýan ýerasty suwlary bardyr. Ol ýerde bugdaý, arpa, üzüm, injir, nar, zeýtun agaçlary we bal bardyr. Ol ýerde garnyňyz dok bolar, hiç zada zar bolmarsyňyz. Ol ýurduň daşlary demirden bolup, daglaryndan mis gazyp çykararsyňyz. Siz iýip-içip doýanyňyzdan soň, özüňize gowy ýurt bereni üçin Hudaýyňyz Rebbe alkyş aýdarsyňyz. Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň, bu etmişleriňiň köplügi sebäpli etegiň açyldy we namysyňa degildi. Men-de uýat ýeriň açylsyn diýip, etegiňi ýüzüňe çenli galdyraryn. Iýerusalim agyr günä etdi, şeýdip, ol gülki boldy. Öňki sylaýanlar ýalaňaçlygyny görüp, indi ony ýigrenýärler. Munuň üçin onuň özi ah çekip, hemmelerden ýüzüni gizleýär. Seni suwa düşürdim, ganyňy ýuwup arassaladym we zeýtun ýagyny çaldym. Saňa keşdeli eşikler geýdirdim, aýagyňa gaýyşdan çaryk, başyňa nepis matadan ýaglyk daňyp, gymmatbaha geýimler geýdirdim. Seni şaý-sepler bilen bezedim, bilegiňe bilezikler, boýnuňa zynjyr dakdym. Burnuňa ysyrga, gulaklaryňa gulakhalkalar dakyp, başyňa gözellik täjini geýdirdim. Sen altyn-kümüş bilen bezeldiň, eşigiň nepis zygyr mata, gymmatbahaly we keşdeli matady. Höregiňe oňat un, bal we ýag iýdiň, owadanlygyňyň çeni-çaky bolman, şa aýalynyň derejesine ýetdiň. Saňa beren çöregimi, iýdiren oňat unumy, zeýtun ýagyny we baly hoşboý yslar hökmünde olaryň öňünde goýduň, hawa, şeýle etdiň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. keýpi-sapa eden ähli oýnaşlaryňy, ähli söýenleriňi bütin ýigrenenleriň bilen birlikde üýşürerin. Olary tutuşlaýyn garşyňa üýşürip, olaryň öňünde seni ýalaňaçlaryn. Şeýdip, seniň tutuş ýalaňaçlygyňy görerler. Ýahuda öýüne welin rehim ederin. Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de, özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin». Men Efraýym üçin bir şir, Ýahudanyň öýi üçin bolaryn arslan. Olary parçalan hut Mendirin. Süýräp äkiderin, olary hiç kim halas etmez. Ysraýyl bir gür şahaly üzüm agajydy, bol-bol miwe getirdi. Miwesi artdygyça, şonça köp gurbanlyk sypasyny gurdy. Topragy bereketli boldugyça, dikme daşlaryny bezedi.
Выбор основного перевода