Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Köklerim suwlara tarap ýaýrap, şahalaryma bütin gije çyg düşýär. Ýurtda galla bolelin bolsun, daglaryň depelerinde, goý, tolkun atsyn, onuň hasyly Liwandaky deý köp bolsun; şäher halky ýaýla oty kimin, goý, pajarlasyn. Dogry adamlar palma agajy deý pajarlar, Liwanyň kedr daragty deý boý alar. Geljekde Ýakup kök urar, Ysraýyl gunçalap güllär, ýer ýüzüni miweden doldurar. Gül-pürçük bolar ol, şatlykdan, guwançdan ýaňa nagma aýdar. Liwanyň gözelligi, Karmeliň, Şaronyň görki berler oňa. Olar Rebbiň şöhratyny, Hudaýymyzyň şan-şöhratyny görerler. Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň. Ol daň şapagy ýaly takyk geljek. Ol ýagyş ýaly bize geljek, topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek». Näme üçin egin-eşigiň aladasyny edýärsiňiz? Meýdandaky liliýalaryň nähili ösüşine serediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler.
Выбор основного перевода