Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Emma salýarsyň-a Sen nazary! Öz eliň bilen jezalaryny bereriň ýaly, dogrudan hem görýäň azap bilen külpeti. Saňa tabşyrýandyr ejiz özüni; ýetimiň hossary Sensiň. Siz: «Ýok, biz atly gaçarys» diýdiňiz. Şonuň üçin gaçarsyňyz! Siz: «Ýüwrük atlara müneris» diýdiňiz. Şonuň üçin kowguçylar ýüwrük bolar. Medet sorap, Müsüre gidýänleriň, atlara daýanýanlaryň, köpdükleri üçin söweş arabalaryna, güýçlüdikleri üçin atlylara bil baglaýanlaryň dat gününe! Olar Ysraýylyň Mukaddesine ýüz tutmaýarlar, Rebden maslahat soramaýarlar. Reb şeýle diýýär: «Ynsana bil baglan, ynsanyň güýjüne daýanan, ýüregi Rebden daşlaşan adama nälet bolsun! Efraýym keselini, Ýahuda ýarasyny görende, Efraýym Aşuryň ýanyna gitdi. Beýik patyşadan ýardam isledi. Ýöne ol size şypa berip bilmez, ýaraňyza em etmez. Çünki bu but Ysraýylyň işidir. Ony ussa ýasady. Ol Hudaý däldir. Samariýanyň gölesi bölek-bölek bolar. Indi günä üstüne günä edýärler. Kümüşden özlerine butlar edinýärler. Butlar ussatlyk bilen ýasalýar. Hemmesi ussanyň işidir. Adamlara: «Gurbanlyk etsinler! Göleleri öpsünler» diýýärler. Dostuňa ynanma, gardaşyňa bil baglama, gujagyňda ýatýan aýalyňyň ýanynda agzyňa bek bol.
Выбор основного перевода