Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Reb Şamuwele şeýle seslendi: «Halkyň sözüni soňuna çenli diňle. Çünki olar seni däl-de, Meniň özleriniň patyşasy bolmagymy inkär etdiler. Reb Şamuwele: «Diýenlerini et-de, olara bir patyşa belle» diýdi. Şamuwel ysraýyllara: «Baryň, her kim öz galasyna gaýtsyn» diýdi. Git-de, Ýarobgama Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diý: „Men seni halkyň arasyndan saýlap, halkym Ysraýylyň üstünden patyşalyga belledim. Patyşalygy Dawudyň neslinden alyp, saňa berdim. Emma sen Meniň tabşyryklarymy berjaý edip, Meniň nazarymda dogry işleri edip, bütin kalby bilen Maňa wepaly bolan gulum Dawut ýaly bolmadyň. Gaýtam, sen özüňden öňki patyşalaryň baryndan beter pislik etdiň. Sen guýma altyn göle butlaryny ýasap, olara sežde edip, Meniň gaharymy getirdiň we Menden ýüz öwürdiň. Şonuň üçin hem Men Ýarobgamyň nesilleriniň başyndan betbagtçylyk indererin. Isle azat bolsun, isle gul, parhy ýok, Ýarobgamyň neslinden bolan Ysraýyldaky her bir erkegi bütinleý ýok ederin. Dersiň syrylyp-süpürilip taşlanyşy ýaly, Men Ýarobgamyň nesilleriniň baryny iň soňkusyna çenli bütinleý ýok ederin. hudaýsyz adam şalyk sürüp, halka duzak gurmasyn.
Выбор основного перевода