Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Emma atalarymyzyň Gögüň Hudaýynyň gaharyny getirendikleri sebäpli, Ol olary kesetlerden bolan Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline berdi. Nebukadnesar bolsa bu öýi ýykyp, halky Babyla ýesir edip äkitdi. Men bu zatlary eşidenimde, oturyp agladym we birnäçe günläp ýas tutdum. Agyz bekläp, gökdäki Hudaýdan dileg etdim. Men şeýle diýdim: «Eý, Gögüň Hudaýy Reb, beýik we haýbatly Hudaý! Sen Özüňi söýüp, tabşyryklaryňy berjaý edýänler bilen ähtiňi hem sadyk söýgiňi saklaýaň. Onsoň men olara: «Gögüň Hudaýy işimizi oňuna salar. Onuň gullary bolan biz gurluşyk işine başlarys. Emma siziň welin, Iýerusalimde ne paýyňyz, ne-de hak-hukuklaryňyz bar» diýip jogap berdim. Bu syryň açylmagy üçin Gögüň Hudaýyndan rehim-şepagat sorap dileg etmeklerini Danyýel olardan haýyş etdi. Şonda Danyýel we onuň ýoldaşlary Babylyň akyldarlary bilen birlikde heläk boljak däldiler.
Выбор основного перевода