Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, goý, Hudaýy onuň bilen bolsun. Olar Ýahudanyň Iýerusalim şäherine gitsin-de, Ysraýyl Hudaýy Rebbe – Iýerusalimdäki Hudaýa ybadathana gursun. Sen Öz halkyňy haýyrsyz satdyň, olaryň bahasyndan haýyr görmediň. Goňşularymyza bolduk biz gülki, töweregimizdäkilere – ryswa, oýnatgy. Men olary ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary üçin howpa we ýamanlyga öwrerin. Sürgün eden her bir ýerimde bolsa, olar masgara, gep-gürrüň, gülki bolup näletlenerler. Töweregiňizdäki milletleriň arasynda we ähli ötegçileriň gözleriniň alnynda, sizi weýrançylyga we masgaraçylyga sezewar ederin. Gahar-gazap we agyr jezalar bilen size hökümler çykaranymda, siz töweregiňizdäki milletlere masgara, sögünç, duýduryş hem gorky bolarsyňyz. Muny Men-Reb aýtdym.
Выбор основного перевода