Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Munuň üstesine-de, men size ýahudylaryň baştutanlaryna Hudaýyň bu öýüniň gurulmagy üçin, näme kömek etmelidigiňiz barada perman çykarýaryn. Bu adamlaryň harjy dolulygyna we gijikdirilmän şa hazynasyndan Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň berýän salgydyndan tölensin. Gögüň Hudaýyna ýakma gurbanlyklar bermek üçin öküzçeler, goçlar, guzular we başga-da näme zerur bolsa, bugdaý, duz, şerap, ýag gerek bolsa, Iýerusalimdäki ruhanylaryň isledigiçe her gün hökman berilsin. Öz Hudaýyňyň öýi üçin ýene-de zat gerek bolsa, şanyň hazynasyndan alyp bilersiň. Zerubabylyň we Nehemýanyň döwründe bütin ysraýyl halky aýdymçylara we derwezebanlara gündelik paý berýärdi. Şeýle hem ysraýyllar lewilere degişli paýy aýry goýýardylar. Lewiler hem Harunyň nesillerine degişli paýy aýry goýýardylar.
Выбор основного перевода