Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Onsoň nesilleri boýunça hasaba almak üçin begleri, baştutanlary we halky üýşürmegi Hudaýym ýüregime saldy. Men ýesirlikden ilkinji dolanyp gelenleriň nesilleri bilen geçirilen ilat ýazuwyny gözläp tapdym. Onda şular ýazylandy: Biz halk, ruhanylar we lewiler bije atyşyp, her ýyl bellenen wagtlarda Hudaýymyzyň öýüne oduny haýsy urugyň getirmelidigini şertleşdik. Bu odunlar kanunda ýazylyşy ýaly, Hudaýymyz Rebbiň gurbanlyk sypasynda ýakylmalydy. Mukaddes şäherde ýaşaýan lewileriň jemi iki ýüz segsen dörtdi. Özlerini mukaddes şäherden diýip, Ysraýyl Hudaýyna daýanýarlar olar; Onuň ady Hökmürowan Rebdir. Oýan, eý, Sion, oýan! Gudratyňa beslen! Eý, Iýerusalim, mukaddes şäher, gözel lybasa gir! Sünnetsizler, haram adamlar içeri girmezler asla. Soňra iblis Isany mukaddes şäher Iýerusalime getirdi. Ony ybadathananyň çür depesine çykaryp: Olar mazarlardan çykyp, Isa direlenden soň, mukaddes şähere baryp, köplere göründiler. Men Mukaddes Şäheri – täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi.
Выбор основного перевода