Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7
Параллельные места
Gurbanlyk bilen sadakany Sen islemediň; Sen meniň gulaklarymy açdyň; ýakma gurbanlygyny, günä gurbanlygyny talap etmediň. Şonda diýdim: «Ine, gelýärin; kitapda men barada ýazylgy. Sen gurbanlyk isläňok, ýogsa bererdim, ýakma gurbanlyklary bersem-de, razy bolmarsyň. Synyk ruh – Hudaýyň göwnünden turýan gurbanlyk; eý, Hudaý, synyk, ökünçli ruhy Sen kemsitmersiň. Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin. Ownukly-irili mal-garalary alyp, Rebbi gözlemäge giderler. Ýöne Ony tapmazlar. Çünki Reb olardan çekildi. Çünki Men gurbanlygy däl, sadyk söýgini isleýärin, Ýakma gurbanlygy däl, Hudaýy tanamaklygy isleýärin. Ýöne siz gidiň-de, „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“ diýen sözüň manysyny öwreniň, sebäbi Men dogrulary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi. Sebäbi öküzleriň, erkeçleriň gany bilen günäleri ýuwmak mümkin däldir.
Выбор основного перевода