Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7
Параллельные места
«Men gepläýin, sen hem diňle, eý, halkym; Mendirin Hudaýyň, seniň Hudaýyň, eý, Ysraýyl, saňa garşy şaýatlyk Men edeýin. Emma sen, eý, Ýakup, çagyrmadyň Meni, eý, Ysraýyl, Menden irdiň sen! Goýunlaryňyzy getirmediňiz Maňa ýakma gurbanlyk üçin, gurbanlyklaryňyz bilen Meni sylamadyňyz. Sadakalary size agyr ýük etmedim, ýakymly ysly tütetgi bilen irizmedim. Reb şeýle diýýär: „Menden uzaklaşar ýaly, ata-babalaryňyz Menden näme ýamanlyk gördüler? Biderek zatlaryň yzyna eýerip, özleri-de biderek boldular. „Bu nähili irginlik!“ diýip, siz muny äsgermezlik etdiňiz, Hökmürowan Reb diýýär. Gurbanlyk hökmünde siz talanyp alnan, agsak ýa-da kesel mal hödürleýärsiňiz! Men ony kabul ederin öýdýäňizmi? Muny Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода