Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner. Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn. Hökmürowan Reb: «Öňümden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň hoşal bolýan äht Wekiliňiz, ine, gelýär» diýýär. Şägirtleri Ondan: «Onda näme üçin Töwrat mugallymlary öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar. Isa olara: «Dogrudan-da, öňürti Ylýas gelip, ähli zady düzetmeli. Men size şuny aýdýaryn: Ylýas birwagt geldi, emma ony tanaman, oňa islän zatlaryny etdiler. Ynsan Ogly-da edil şonuň ýaly, olaryň elinden jebir çeker» diýip jogap berdi. Şonda şägirtler Onuň özlerine çümdüriji Ýahýa barada gürrüň berýändigine düşündiler. Olar Isadan: «Näme üçin Töwrat mugallymlary öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar. Ol atalary ogullary bilen ýaraşdyrmak, boýun egmezekleri dogrularyň düşünjesine gönükdirmek üçin, Ylýasyň ruhundan we gudratyndan dolar, Reb Isa Mesihiň öňünden ýörär. Ol Rebbiň göwnünden turjak halky taýýarlar».
Выбор основного перевода