Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Çünki Hudaýymyz Reb – Günümiz we galkanymyz, Ol merhemet we şöhrat berýär; Ol dogry ýoldan ýöreýänlerden hiç bir ýagşylygyny gaýgyrýan däldir. Emma ol biziň ýazyklarymyz üçin ýaralandy, biziň etmişlerimiz üçin ezýet çekdi, rahatlygymyz üçin jeza onuň başyna geldi, onuň ýaralary arkaly biz şypa tapdyk. Onsoň Rebden gorkýanlar biri-birileri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy. Hudaýymyz mähir-şepagatdan doludyr: Ol üstümize Gün şöhlesini dökdürer. Isa ýene-de halka ýüzlenip: «Dünýäniň nury Mendirin. Meniň yzyma eýeren garaňkylykda gezmez, onda ýaşaýyş nury bolar» diýdi. Maňa iman eden her kes garaňkylykda galmasyn diýip, Men dünýä nur bolup geldim. Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär: «Oýan, eý, uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar».
Выбор основного перевода