Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakma gurbanlyk berýän malyň eýesi, onuň kellesine elini goýsun we Hudaý ol maly sizi günäleriňizden saplaýan gurbanlyk hökmünde kabul eder. Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Meniň huzurymda öküzi soý. Goçy soýup, ganyny al we ony gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serp. Goçy soýup, ganyny al. Ony Harunyň we onuň ogullarynyň sag gulaklarynyň ýumşak ýerine çal. Şeýle hem, olaryň sag elleriniň we sag aýaklarynyň başam barmaklaryna çal. Galan gany bolsa gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serp.
Выбор основного перевода