Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýlelikde, Harun mukaddes otaga girende, ýüzünde Ysraýylyň ogullarynyň atlary ýazylan bu höküm gursakçasyny ýüreginiň üstünden dakyp barsyn. Şonda Men Reb halkymy hemişe ýatlap duraryn. Soňra Musa Haruna we onuň ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Saçlaryňyz daralmadyk bolmasyn, ýas baglap, ýakaňyzy ýyrtmaň. Eger siz şularyň birini etseňiz, ölersiňiz we Rebbiň gazaby bütin halkyň başyndan iner. Emma siziň garyndaşlaryňyz we bütin ysraýyl halky Rebbiň ot üsti bilen ýok edenleri üçin ýas tutup bilerler. Siz welin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndan aýrylyp, daşary çykmaň, ýogsam ölersiňiz, çünki depäňize Rebbiň mesh ýagy sürtülendir». Olar Musanyň buýruşy ýaly etdiler. Atasynyň ýerine ruhanylyga bellenip, bagyş edilen ruhany nepis zygyr matadan tikilen mukaddes lybaslaryny geýip, sizi günäleriňizden saplasyn. Jemagat öldürileniň hossarynyň elinden ganhory halas etsin we ony başdaky gaçyp baran gaçybatalga galasyna ugratsyn. Depesine mukaddes ýag guýlup bellenen baş ruhany ölýänçä, ganhor şol ýerde bolmalydyr.
Выбор основного перевода