Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Nepis zygyr matadan nagyşly uzyn köýnek we selle tik. Nagyşlar bilen keşdelenen bil guşagyny hem tik. Ýalaňaç ýerlerini ýapar ýaly, olara nepis zygyr matadan bilinden buduna ýetip duran iç geýimlerini tik. Harun we onuň ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmek üçin girenlerinde ýa-da mukaddes ýerdäki gurbanlyk sypasynyň ýanyna baranlarynda bu geýimleri geýsinler. Şeýtseler, günäni öz üstlerine almazlar we ölmezler. Bu Harun üçin we onuň soňky nesilleri üçin ebedilik düzgün bolsun. Şundan soň, Musa Haruny we onuň ogullaryny öňe çykaryp, olardan ýuwunmaklaryny talap etdi. Soňra Musa Harunyň egnine uzyn köýnek we don geýdirip, onuň bilini guşak bilen guşady. Musa onuň donunyň üstünden efot geýdirip, ony bezelen guşak bilen Harunyň arkasyna berkitdi. Harun mukaddes ýerde suwa düşünip, özüniň gündelik geýýän geýimlerini geýsin. Soňra çykyp, özi üçin we halk üçin ýakma gurbanlyklaryny hödürläp, özüni hem-de halky günälerinden saplasyn.
Выбор основного перевода