Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Harunyň mukaddes lybasy özünden soň ogullaryna galsyn. Olar şol geýimlerde başlaryna ýag çalnyp, ruhanyçylyga bellensinler. Harunyň ýerine ruhany bolan ogly ol geýimleri Maňa ýüz tutulýan çadyra gelip, mukaddes otagda hyzmat edýän wagty geýsin. Harun iň mukaddes otaga girmezinden öň suwa düşünip, nepis zygyr matadan tikilen mukaddes dony geýsin. Donuň aşagyndan zygyr matadan tikilen içki geýimleri geýsin we biline zygyr matadan edilen guşagy guşanyp, kellesine zygyr matadan selle oransyn. Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, olary ogly Elgazara geýdir. Harun bolsa şol ýerde ölüp, öz ata-babalaryna gowşar». Musa Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, onuň ogly Elgazara geýdirdi. Harun bolsa şol ýerde, dagyň depesinde jan berdi. Musa bilen Elgazar dagdan düşdüler.
Выбор основного перевода