Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onuň ýatýan ýorgan-düşegi, üstünde oturýan islendik zady harapdyr. Onuň ýorgan-düşegine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. Suwuklyk akmasy bolan adamyň oturan ýerinde oturan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. Suwuklyk akmasy bar adamyň bedenine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. Eger suwuklyk akmasy bar adam tämiz adamlaryň üstüne tüýkürse, olar geýimlerini ýuwsunlar, suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar. Suwuklyk akmasy bar adamyň münen islendik eýeri-de harapdyr. Suwuklyk akmasy bar adamyň oturan islendik zadyna galtaşan adam agşama çenli haramdyr. Haram adamyň oturan islendik zadyny göteren geýimlerini ýuwsun, suwa düşsün. Ol agşama çenli haramdyr. Bu zatlara galtaşan her kes-de haram bolar. Ol eşiklerini ýuwup, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.
Выбор основного перевода