Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Harun neslinden bolan ýokançly deri keseli ýa-da suwuklyk akmasy bolan erkek tämizlenýänçä, mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Jesede degip, haram bolan islendik zada galtaşan ýa-da tohum akan erkege ýa-da ynsany haram edýän guryýer süýrenijileriniň birine ýa-da haramlygy nämediginiň parhy bolmadyk ynsany haram edýän şu agzalan zatlardan birine galtaşan ruhany agşama çenli haramdyr. Ol suwa düşünmezden, mukaddes sadakalardan iýmesin. Eger araňyzdan biriniň gije tohumy akyp, haram bolsa, düşelgäňizden daşary çyksyn. Ol düşelgäňize girmeli däldir. Agşam düşende, ol ýuwunsyn, Gün batandan soň, ol düşelgäňize girip biler.
Выбор основного перевода