Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Abymelek Opra galasyna öz atasynyň öýüne geldi we Ýerubagalyň ýetmiş ogluny, ýagny öz doganlaryny bir daşyň üstünde öldürdi. Diňe Ýerubagalyň iň kiçi ogly Ýotam gaçyp gizlenip, diri galdy. Ine, indi bir seredip görüň, çynyňyz bilen ak ýürekden Abymelegi patyşa saýladyňyzmy? Ýerubagaly hem onuň öýüni nätdiňiz, onuň haýyrly işlerine mynasyp iş etdiňizmi? Meniň kakam siz üçin söweşdi, öz janyny gaýgyrmady. Ol sizi midýanlaryň elinden halas etdi. Indi siz meniň kakamyň öýündäkileriniň garşysyna gidip, onuň ýetmiş ogluny bir daşyň üstünde öldürdiňiz, onuň gyrnagyndan bolan ogly Abymelegi bolsa Şekemiň ilatynyň üstünden patyşa edip goýduňyz, sebäbi ol siziň doganyňyz.
Выбор основного перевода