Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Olar siziň ýurduňyzda ýaşamasynlar, ýogsam, olar sizi Maňa garşy goýup, günä etmäge mejbur ederler. Olaryň hudaýlaryna gulluk etseňiz, siz gürrüňsiz duzaga düşersiňiz». Ukyply ökde ussalar efody altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tiksinler. Her iki ujuny biri-birine baglaýan iki sany eginbagy bolup, ol hem berkidilsin. Efodyň ýüzündäki nagyşly kemer hem edil efodyň tikilişi ýaly tikilsin, ol altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikilsin. Iki sany hakyk daşyny al we olaryň ýüzüne Ysraýylyň on iki oglunyň adyny oýup ýaz. Olaryň dogluş tertibi boýunça altysynyň adyny bir daşa, beýleki altysynyň adyny başga bir daşa oýup ýaz. Nakgaşlaryň oýup möhür basyşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň atlaryny şu iki daşa oýup ýaz. Olary altyn öýjüklere oturt. Ysraýylyň ogullary üçin ýatlama bolar ýaly, bu iki daşy efodyň eginbagyna dak. Rebbiň huzurynda ýatlanar ýaly, Harun olaryň atlaryny iki egninde göterip gezsin. Gaşlar üçin altyndan iki sany öýjük ýasa. Sap altyndan ýüplük ýaly tow berlen iki sany zynjyr ýasa we şol örme zynjyrlary gaş öýjüklere berkit. Inçe nagyşlar bilen höküm gursakçasyny tik. Ony efot ýaly edip, altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tik. Gursakça iki gat bolup, uzynlygy bir garyş, ini hem bir garyş, dörtburç bolsun. Gursakçanyň ýüzüne dört hatar gaş dak. Birinji hatarda goýy gyzyl, sary, zümerret gaşlary; ikinji hatarda pöwrize, gök ýakut, almaz; üçünji hatarda mämişi, ak we goňur ýakut, goýy gyrmyzy ýakut; dördünji hatarda altyn-sary, hakyk we ýaşyl gaşlar bolsun. Olar altyn gaş öýjüklere oturdylsyn. Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna görä, gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylsyn. Gursakça üçin sap altyndan ýüplük ýaly tow berlen zynjyrlar ýasa. Gursakça üçin altyndan iki sany halka ýasa we olary onuň ýokarky iki ujuna dak. Örme iki altyn zynjyry gursakçanyň ujundaky iki halkadan geçir. Zynjyrlaryň beýleki iki ujuny iki gaş öýjügine, efodyň öň tarapyndaky eginbaglara berkit. Altyndan ýene iki sany halka ýasap, olary gursakçanyň aşaky iki içki ujuna, efodyň içki gatyna dak. Altyndan başga ýene iki sany halka ýasap, olary efodyň öň tarapyndaky eginbagynyň aşaky bölegine berkit. Olar efodyň nagyşly kemeriniň ýokarsynda ýerleşsin. Gursakça efotdan sallanyp gaçmaz ýaly, onuň halkalary gök ýüp bilen efodyň halkalaryna daňylsyn. Şonda gursakça efodyň nagyşly kemeriniň ýüzünde durar. Şeýlelikde, Harun mukaddes otaga girende, ýüzünde Ysraýylyň ogullarynyň atlary ýazylan bu höküm gursakçasyny ýüreginiň üstünden dakyp barsyn. Şonda Men Reb halkymy hemişe ýatlap duraryn. Höküm gursakçada Urymy we Tummymy goý. Harun Meniň huzuryma gelende, olary ýüreginiň üstünden dakyp gelsin. Meniň huzurymda Harun hemişe hökümimi ysraýyllara ýetirip gezer. Efodyň aşagyndan geýilýän dony gök matadan tik. Onuň ortasyndan kelle girip-çykar ýaly açyk ýer bolsun. Bu açyk ýeri ýyrtylmaz ýaly, oňa gyýa aýla. Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden naryň şekillerini ýasap, olary donuň etegine dak. Nar şekilleriniň arasynda altyndan edilen jaňjagazlar bolsun. Şeýdip, nar şekilleri we altyn jaňjagazlar biri-biri bilen başaşa düzülsin. Harun hyzmat edýän wagty bu dony geýsin. Ol Meniň huzuryma mukaddes otaga girende-çykanda jaňjagazlaryň sesi eşidilip dursun. Şonda ol ölmez. Baran ýeriňiziň ýaşaýjylary bilen äht baglaşmaň, sebäbi olar öz hudaýlaryna sežde ederler. Olar öz hudaýlaryna sadaka beren wagty, olaryň arasyndan biri sizi çagyrsa, siz hem sadakada berlen nahardan iýersiňiz. Hudaýyňyz Rebbiň eliňize berjek ähli halklaryny ýok edip taşlaň, olara rehim etmäň, olaryň hudaýlaryna sygynmaň, sebäbi bu siziň üçin duzak bolar. Emma olar serdarlara-da gulak asmadylar. Tersine, başga hudaýlara sežde edip, Rebbe biwepalyk etdiler; Rebbiň buýruklaryny ýerine ýetiren ata-babalarynyň yzyna eýermän, gaýtam olaryň ýolundan juda tiz çykdylar. Mika tarapyndan salnan bir sany ybadat edilýän öý bardy. Ol efot we butlar ýasady hem-de öz ogullarynyň birini ruhany edip belledi. Laýyşy gözden geçirmäge öň gelip giden bäş adam öz doganlaryna: «Şu öýleriň birinde efot, oýma hem guýma but we başga butlar bar, siz şony bilýärsiňizmi? Indi näme etmelidigiňizi özüňiz biliň» diýdiler. Ýer görmäge öňki gelen bäş adam öýe girip, efody, oýma hem guýma buty we başga butlary aldylar. Ruhany derwezäniň agzynda ýaraglaryny dakynan alty ýüz adamyň ýanynda durdy. Ýarobgamyň gaýdyp gelendigini eşiden bütin ysraýyl halky onuň ýanyna adam ýollap, ony ýygnanyşyga çagyryp, tutuş Ysraýyla patyşa etdiler. Ýahuda tiresinden başga Dawudyň nesilleriniň yzyna düşen bolmady. Edenleri bilen haram boldular, öz işleri arkaly zyna etdiler.
Выбор основного перевода