Danlar öz urugyndan, Sorga hem Eştawol galalaryndan bäş sany daýaw erkek adamy ýer gözlemek hem-de maglumat toplamak üçin gizlinlikde ugratdylar. Olara: «Baryň, assyrynlyk bilen ýer gözläň» diýdiler. Olar Efraýym daglygyna, Mikanyň öýüne gelip ýetdiler we gijäni şol ýerde geçirdiler.