Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Emma dan tiresine öz ýerlerini eýelemek agyr düşdi, olar Leşeme garşy söweşe çykyp, ony basyp aldylar. Olary gylyçlap öldürip, ýerlerini özlerine mülk edip aldylar we ol ýerde ýerleşdiler. Olar Leşeme Dan diýip, atalary Danyň adyny goýdular. Bu bäş adam ol ýerden gaýdyp, Laýyşa geldi. Onuň ilatynyň sidonlylar ýaly parahat we asuda ýaşaýandygyny, olary sidonlaryň dolandyrýandygyny gördüler. Olaryň hemme zady bardy. Olar asuda we aladasyz ýaşaýardylar. Olar sidonlardan uzakda ýaşaýardylar we hiç kim bilen aragatnaşyk saklamaýardylar. Siz ol ýerde hiç bir aladasy bolmadyk halky görersiňiz. Olaryň ýeri-de örän giň. Hudaý olary siziň eliňize berendir. Ol ýerde asyl ýetmezçilik edýän zat ýok» diýdiler.
Выбор основного перевода