Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ysraýyl serdarlary
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Bäşinji gezek aşer tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň araçägi Helkat, Haly, Beten, Akşap, Alammelek, Amat, Mişal; günbatar Karmel dagyna çenli we Şihorlybnat galasyna çenli baryp ýetýär. Soňra araçäk yzyna gündogara Beýtdagona tarap aýlanyp, Zebuluna, Ýyptahel jülgesine, demirgazykda Beýtemege we Negiýele barýar. Soňra ol demirgazykda Kabula, Ebrona, Rehoba, Hammona, Kana we Beýik Sidona çenli dowam edýär. Şundan soň serhet Rama öwrülip, berk Sur galasyna gelýär we ýene-de yzyna Hosa tarap aýlanyp, Ortaýer deňzinde gutarýar. Olaryň ýerlerine Mahalap, Akzyp, Umma, Apek, Rehop ülkeleri hem degişlidir. Olar obalary bilen bile jemi ýigrimi iki galadyr. Şundan soň serhet Rama öwrülip, berk Sur galasyna gelýär we ýene-de yzyna Hosa tarap aýlanyp, Ortaýer deňzinde gutarýar. Olaryň ýerlerine Mahalap, Akzyp, Umma, Apek, Rehop ülkeleri hem degişlidir. Olar obalary bilen bile jemi ýigrimi iki galadyr. Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini edip başladylar. Ysraýyllar Bagal bilen Aştoret butlaryna hem-de Siriýanyň, Sidonyň, Mowabyň, Ammonyň, piliştlileriň hudaýlaryna gulluk edip başladylar. Olar Rebbi terk edip, Oňa gulluk etmediler.
Ysraýyl serdarlary
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Выбор основного перевода