Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ysraýyl serdarlary
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
„Meniň siz üçin ata-babalaryňyza söz beren gowy ýurdumy Ýepunne ogly Kalepden başga bu pis nesliň hiç biri görmez. Muny diňe Kalep görer. Men-Rebbe ýürekden wepalydygy üçin Men oňa we onuň nesillerine aýak basan ýurduny berjek“ diýdi. Şol gün Musa kasam edip: „Aýagyňyň basjak ýerleri seniň we çagalaryňyň hemişelik mülki bolar, sebäbi sen tutuş kalbyň bilen Hudaýym Rebbiň yzyna eýerdiň“ diýipdi. Ýeşuwa Ýepunnäniň ogly Kalebe ak pata berdi, oňa mülk ýer hökmünde Hebrony bagyş etdi. Rebbiň buýruşy ýaly, Ýeşuwa ýahuda tiresiniň mülk ýerindäki Kirýatarbany, ýagny Hebrony Ýepunnäniň ogly Kalebe berdi. Bu ýer Anagyň atasynyň hatyrasyna Kirýatarba diýip atlandyrylypdy. Kalep ol ýerden anaklaryň üç urugyny: Şeşaýy, Ahymany we Talmaýy çykaryp kowdy. Bular Anagyň nesilleridir. Köne ady Kirýatarba bolan Hebronda ýaşaýan kenganlaryň üstüne çozup, Şeşaý, Ahyman we Talmaý baştutanlaryny boýun egdirdiler.
Ysraýyl serdarlary
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Выбор основного перевода