Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Eger doganyň günä etse, bar-da, ikiçäk gürleşip, aýybyny oňa aýt. Seniň sözüňe gulak assa, bu doganyňy gazandygyňdyr. Emma gulak asmasa, bir ýa iki adamy ýanyňa alyp bar, aýdylan her bir söz iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn. Olara-da gulak asmak islemese, onda ýygnaga aýt. Oňa-da gulak asmak islemese, goý, ol seniň üçin bir butparaz ýa-da salgytçy ýaly bolsun. Eý, doganlar, size öwredilen taglymata garşy çykyp, araňyzda agzalalyklary döredýänlerden, imanyňyza böwet bolýanlardan ägä boluň diýip ýalbarýaryn. Şeýle adamlardan gaça duruň. Eger kimdir biri ýanyňyza gelende, Mesih hakdaky taglymaty getirmese, ony öýüňize salmaň, oňa salam hem bermäň.
Выбор основного перевода