Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Koloselilere haty
1 2 3 4
Параллельные места
Akyllynyň sözleri oňa hormat getirer, akylsyzyň sözleri bolsa ony heläk eder. Duz gowy zatdyr, emma ol öz tagamyny ýitirse, onda oňa nädip tagam berersiňiz? Duz ýaly tagamly boluň, özara parahatlykda ýaşaň». Agzyňyzdan hiç haçan ýaramaz söz çykmasyn. Gaýtam, diňleýänleriň mätäçliklerine görä, gerekli sözleri sözläp, olary ruhlandyryň, şonda sözleriňiz olara peýda getirer. Biz Hudaýymyzyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetine görä, siziň Rebbi şöhratlandyrmagyňyz üçin, Onuň-da sizi şöhratlandyrmagy üçin şu doga-dilegleri edýäris. Emma Mesihe Reb hökmünde ýürekden hormat goýuň. Kalbyňyzdaky umyt hakynda özüňizden hasabat soran her bir adama hemişe jogap bermäge taýýar boluň. Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde ösüň, Ony tanamakda has-da ilerläň. Şindiden ebedä çenli Oňa şan-şöhrat bolsun! Omyn.
Koloselilere haty
1 2 3 4
Выбор основного перевода