Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Koloselilere haty
1 2 3 4
Параллельные места
Petrus muňa akyl ýetirenden soň, Ýohannanyň ejesi Merýemiň öýüne gitdi. Ýohanna Mark hem diýýärdiler. Ol ýerde köp adam üýşüp, Hudaýa doga edýärdi. Barnap bilen Şawul hem özlerine tabşyrylan hyzmaty ýerine ýetirip, Iýerusalimden yzyna dolandylar. Olar özleri bilen bile Marky hem alyp gaýtdylar. Markyň beýleki ady Ýohannady. Pawlus we onuň ýoldaşlary Pafosdan gämä münüp, Pamfiliýadaky Perga şäherine geldiler. Şol ýerde Ýohanna olardan aýrylyp, Iýerusalime dolandy. Mark diýlip atlandyrylýan Ýohannany-da Barnap özleri bilen äkitmek isleýärdi. Emma Pawlus özlerini Pamfiliýada terk edip, Hudaýyň hyzmatyny ahyryna çenli bile dowam etmedik Marky äkitmegi makul bilmedi. Şeýlelikde, aralarynda agzalalyk döräp, olar biri-birlerinden aýryldylar. Barnap ýanyna Marky alyp, gämi bilen Kipre gitdi. Şeýdip, bütin şäher galagopluga düşdi. Halk makedoniýaly Gaýus bilen Aristarhy tutup, olary tomaşa meýdanyna süýräp getirdi. Bu ikisi ýolda Pawlusa ýoldaş bolupdylar. Beriýadan Pirrosyň ogly Sopater, Salonikiden Aristarh bilen Sekond, Derbeden Gaýus hem Timoteos, şeýle hem Aziýa welaýatyndan Tihik bilen Trofym dagy onuň bilen bile gitdiler. Biziň hemmämiz Adramit şäherinden gelen gämä münüp, Aziýa welaýatynyň kenaryna tarap ýola düşdük. Ýanymyzda Salonikiden gelen makedoniýaly Aristarh hem bardy. Ýanymda diňe Luka galdy. Gaýdanyňda Marky hem alyp gaýt, sebäbi hyzmatymy bitirmekde maňa kömegi deger. Isa Mesihiň ugrunda meniň bilen tussaglykda bile bolýan Epafra, egindeşlerim Mark, Aristarh, Dema we Luka dagy saňa salam aýdýarlar.
Koloselilere haty
1 2 3 4
Выбор основного перевода