Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň. Ol daň şapagy ýaly takyk geljek. Ol ýagyş ýaly bize geljek, topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek». Imany gowşagy onuň garaýyşlary barada jedelleşmezden kabul ediň. Mysal üçin, käbirleriň imany hemme zady iýmäge ygtyýar etse, käbirleriňki diňe gök önümleri iýmäge ygtyýar edýändir. Islendik tagamy iýip bilýän imanly iýmeýän imanla äsgermezlik etmesin; iýmeýän-de hemme zady iýýäni ýazgarmasyn, sebäbi Hudaý ony kabul edendir. Başga biriniň hyzmatkärini ýazgarar ýaly sen kimmişiň?! Hyzmatkäriň özüne buýrulanlary berjaý edip-etmändigini diňe onuň hojaýyny kesgitleýändir. Ýöne hyzmatkär özüne buýrulanlary berjaý edip biler, sebäbi onuň hojaýyny Rebdir, Ol hyzmatkärini kuwwatlandyrmagy başarýandyr. Käbir adamlar bir güni beýleki günlerden has wajyp saýýandyr, käbirleri bolsa hemme günleri deň görýändir. Goý, mundan beýlägem her kim öz ynanjyna görä pikir edibersin. Kim haýsydyr bir güni wajyp saýýan bolsa, muny Reb üçin saýýandyr. Kim hemme zady iýýän bolsa, Reb üçin iýýändir, sebäbi ol iýýän zatlary üçin Hudaýa şükür edýändir. Kim käbir zatlary iýmeýän bolsa, Rebbiň hatyrasy üçin iýmän, Hudaýa şükür edýändir. Siziň başgaça pikir etmejekdigiňiz babatda Reb meni ynandyrýar. Siziň pikiriňizi bulaşdyrýan kim bolsa bolubersin, ol öz jezasyny çeker. Gaty iýmit bolsa, kemala gelenler üçindir. Olar öz gündelik tejribesinden öwrenip, ýagşy bilen ýamany saýgaryp bilýändirler.
Выбор основного перевода