Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Ine, sen bularyň hemmesini dagda saňa görkeziljek nusganyň esasynda ýasarsyň. Ata-babalarymyzyň çölde äht çadyry bardy. Çadyr edil Hudaýyň Musa buýruşy ýaly, Onuň beren nusgasy boýunça gurlandy. Bular geljekki zatlaryň kölegesidi, emma hakykat Mesihiň Özüdir. Şeýlelikde, gökdäki zatlaryň ýerdäki nusgalarynyň bu gurbanlyklar bilen päklenmegi gerekdi. Emma gökdäki zatlaryň özleri bulardan has oňat gurbanlyklary talap edýärdi. Nuh içersindäkileriň halas bolmagy üçin iman arkaly bir gämi ýasady. Ol heniz bolmadyk wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Ondan gorkup, Oňa gulak asdy. Şeýlelikde, bütin dünýä jeza sezewar boldy, Nuh bolsa imany arkaly aklandy. Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry.
Выбор основного перевода