Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Giň jülgeler kimin uzalýar. Derýa kenaryndaky baglar deý uzalyp, Rebbiň eken hoşboý ysly agaçlary deý, edil suw boýunda biten kedrler deý görünýär. Ýöne bardy-geldi eglenmeli bolaýsam, sen Hudaýyň maşgalasynyň, ýagny hakykatyň binýady we diregi bolan diri Hudaýyň ýygnagyndaky adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydygyny bilmelisiň. Mesih indi amala aşan ähli oňat zatlaryň Baş Ruhanysy bolup geldi. Ol ynsan eli bilen gurulmadyk, bu dünýäniň ýaradylyşyndan bolmadyk has beýik we kämil çadyra girdi. Mesih ynsan eli bilen ýasalan we asyl nusganyň ýöne bir görnüşi bolan iň mukaddes otaga girmedi. Ol biziň üçin Hudaýyň huzurynda häzir bolup, gökdäki mukaddes otaga girdi. Indi biziň Hudaýyň halkyna jogapkär beýik Ruhanymyz bardyr.
Выбор основного перевода