Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Hudaýym, gündizine çagyrýan, ýöne jogap bermeýäň, gijesine – emma rahatlygy tapmaýan. Ýöne welin mukaddessiň Sen! Ysraýyl alkyşlarynyň üstünde tagt guransyň Sen. Saňa bil bagladylar atalarymyz; ynandylar, Sen hem halas etdiň olary. Olar Saňa perýat edip, halas boldular; Saňa bil bagladylar, baglan umydynda aldanmadylar. Men bolsa bir gurçuk, ynsan däldirin: ynsanlaryň ýüzügarasy, halkyň kemsidýäni. Meni görýänleriň bary üstümden gülýär, başlaryny ýaýkaýar hem ýaňsylaýar: «Rebbe tabşyrypdy özüni; goý, Ol ony halas eýlesin, ony azat etsin, çünki Reb ondan köp razy!» Emma Sensiň ýatgydan meni çykaran, enem gujagyndakam maňa rahatlyk beren. Dünýä inäýemde Saňa atyldym, Sen – Hudaýym enem göwresinden çykalym bäri. Menden daşlaşma Sen, çünki muşakgat ýakyn, kömekçi-de ýok. Birentek öküzler meni gurşady, güýçli Başan öküzleri meni gabady; olar maňa açýarlar agyzlaryny parçalaýjy, arlaýjy bir arslan ýaly. Men suw kimin döküldim, bogun-bogun söküldi ähli süňklerim, mum kimin meniň ýüregim gursagymda pagyş-para eredi. Güýjüm küýzäniň döwügi dek gurady, dilim-de kentlewügime ýapyşdy, çünki ölüm topragynda Sen meni goýduň. Itler meniň daşymy aldy, betkärler topary meni gurşady, el-aýaklarymy parran deşdiler. Ähli süňklerimi sanaýmalydyr, olar maňa seredip, tomaşa edýär. Özara paýlaşýarlar geýimlerimi, eginbaşym üçin bije atýarlar. Emma Sen, ýa Reb, uzakda bolma, eý, güýjüm, ýetiş meniň dadyma. Gylyçdan halas et meniň janymy, itiň penjesinden – meniň ömrümi. Meni ýabany öküzden Sen halas etdiň, gutar meni arslanlaryň agzyndan. Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi. Isa gaýdyp gelende, şägirtleri uklap ýatan ekenler. Isa Petrusa: «Meniň bilen bile bir sagat-da oýa bolup bilmediňizmi? Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi. Isa ikinji gezek gidip, dileg etdi: «Eý, Atam, Men içmesem, bu käsäniň geçmegi mümkin däl bolsa, onda Seniň islegiň bolsun!» Yzyna gaýdyp gelende, şägirtleri ýene uklap ýatan ekenler, sebäbi olaryň gözleri bürlüp durdy. Isa olary goýup, ýene gitdi, ýene şol öňki sözler bilen üçünji gezek dileg etdi. Onsoň şägirtleriň ýanyna gaýdyp gelip: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Ine, pursat golaýlady, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär. Turuň, gideliň. Anha, Maňa haýynlyk eden golaýlady» diýdi. Olar Getsemani diýen bir ýere geldiler. Isa şägirtlerine: «Men Hudaýa dileg edip gelýänçäm, siz şu ýerde oturyň» diýdi. Isa Petrusy, Ýakuby we Ýohannany ýanyna aldy. Isa ajy hasrat çekip, gaýgylanmaga başlady. Olara: «Meniň janym öler ýaly tukat. Siz bu ýerde galyň we oýa boluň» diýdi. Isa biraz öňe ýöränden soň, ýere ýüzin düşüp, şu aýylganç pursadyň mümkin bolsa, Özünden sowa geçmegini dileg etdi. Ol: «Abba, Atam, Sen hemme zady başarýarsyň. Bu hasrat käsesini Menden sowa geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn» diýdi. Isa gaýdyp gelende, şägirtleri uklap ýatan ekenler. Isa Petrusa: «Uklap ýatyrsyňmy? Bir sagat-da oýa bolup bilmediňmi? Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi. Isa ýene gidip, şol öňki sözleri aýdyp dileg etdi. Yzyna gaýdyp gelende, şägirtleri ýene uklap ýatan ekenler, sebäbi olaryň gözleri bürlüp durdy. Olar Oňa näme diýjeklerini bilmediler. Isa üçünji gezek gelip, olara: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Boldy, pursat geldi, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär. Turuň, gideliň. Anha, Maňa haýynlyk eden golaýlady» diýdi. Isa daşary çykyp, hemişekisi ýaly Zeýtun dagyna gitdi. Şägirtleri hem Onuň yzyna düşdüler. Ol ýere baranlarynda, Isa olara: «Synaga düşmez ýaly dileg ediň!» diýdi. Özi bolsa olardan bir daş atym çete çekildi-de, dyza çöküp: «Eý, Atam! Eger isleseň, bu hasrat käsesini Menden sowa geçir! Ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etmäge durdy. Gökden bir perişde görnüp, Ony güýçlendirdi. Ol agyr gama batyp, yhlas bilen Hudaýa dileg etdi. Isadan akýan der ýere damýan gan damjalary ýalydy. Dileg edip bolandan soň turup, Isa şägirtleriň ýanyna geldi. Olaryň uklap ýatandyklaryny gördi, olar gaýgy-hasratdan ýaňa tapdan düşüpdiler. Isa olara: «Näme üçin uklap ýatyrsyňyz? Synaga düşmez ýaly, turuň-da, Hudaýa dileg ediň!» diýdi. Häzir Meniň ýüregim gam-gussa batýar. Men näme diýeýin? „Eý, Ata, Meni şu pursatdan halas et“ diýeýinmi? Ýok, Men hut şu pursat üçin geldim ahyryn.
Выбор основного перевода