Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Ysraýyllaryň arasyndan agaň Haruny we onuň ogullaryny öz ýanyňa al. Harun we onuň ogullary Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar Maňa ruhany bolup hyzmat etsinler. Reb Musa şeýle diýdi: «Haruny we onuň ogullaryny, olaryň ruhanylyk lybaslaryny, mesh ýagyny, günä gurbanlygy üçin berilýän öküzçäni, iki sany goçy we petirli sebedi al-da, bütin halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna üýşür». «Haruny we onuň ogullaryny, olaryň ruhanylyk lybaslaryny, mesh ýagyny, günä gurbanlygy üçin berilýän öküzçäni, iki sany goçy we petirli sebedi al-da, bütin halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna üýşür». Musa Rebbiň buýruşy ýaly-da etdi. Bütin halk Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna ýygnandy. Musa halka ýüzlenip: «Men Rebbiň özüme beren şu aşakdaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmelidirin» diýdi. Şundan soň, Musa Haruny we onuň ogullaryny öňe çykaryp, olardan ýuwunmaklaryny talap etdi. Soňra Musa Harunyň egnine uzyn köýnek we don geýdirip, onuň bilini guşak bilen guşady. Musa onuň donunyň üstünden efot geýdirip, ony bezelen guşak bilen Harunyň arkasyna berkitdi. Onuň döşüne gursakça dakyp, onuň içine Urymy we Tummymy saldy. Musa Harunyň kellesine selle orady. Selläniň öň tarapynda bolsa, altyn bezegi – mukaddes täji goýdy. Musa bar zady Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi. Soňra Musa mesh ýagy alyp, ony mukaddes çadyra we onuň içindäki ähli enjamlaryň üstüne sepeläp, olary mukaddes etdi. Ýagdan ýedi sapar gurbanlyk sypasynyň üstüne sepeläp, ol gurbanlyk sypasyny, onuň ähli enjamlaryny, legeni we onuň sütünini mukaddes etdi. Bagyş etmek üçin, Musa Harunyň başyna mesh ýagyny guýdy. Onsoň Musa Harunyň ogullaryny getirdi. Olaryň eginlerine köýneklerini geýdirip, billerine guşak guşap, kellelerine selle orady. Musa bar zady Rebbiň özüne tabşyryşy ýaly etdi. Soňra ol günä gurbanlygynyň öküzçesini idip getirdi. Harun we onuň ogullary, ellerini öküzçäniň kellesine goýdular. Musa öküzçäniň damagyny çaldy. Ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony gurbanlyk sypasynyň şahlaryna barmagy bilen çalyp, gurbanlyk sypasyny halallady. Galan gany bolsa, ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi. Şeýdip, Musa gurbanlyk sypasyny halallamak üçin ony mukaddes etdi. Onsoň Musa garyn içegeleriň daşyndaky bar ýaglary we bagryň ýüzündäki ýag perdesini, iki böwregi daşynyň ýagy bilen alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýakdy. Emma öküzçäniň özüni, derisini, etini we içgoşuny Rebbiň özüne tabşyryşy ýaly, Musa düşelgäniň daşyna çykardyp ýakdyrdy. Soňra ol ýakma gurbanlygy üçin berilýän goçy getirdi. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýdular. Goçuň damagy çalyndy. Musa onuň ganyndan alyp, gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi. Ol goçy bölekledi, kellesini we içýagyny, onuň galan bölekleri bilen bile oda ýakdy. Goçuň garyn-içegeleri we aýaklary ýuwlandan soň, Musa goçy bütinligine gurbanlyk sypasynda ýakdy. Bu Rebbe ýaraýan ýakymly ys çykarmak üçin berilýän ýakma gurbanlygydy, ýagny Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly, Rebbe ot üsti bilen berlen gurbanlykdy. Soňra ol hödür edilen ikinji goçy, belleme goçuny getirdi. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýdular. Musa goçuň damagyny çalyp, onuň ganyndan aldy. Harunyň sag gulagynyň ýumşak etli ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmagyna gan çaldy. Onsoň Harunyň ogullaryny öňe çykardylar. Musa olaryňam sag gulaklarynyň ýumşak etli ýerine, sag elleriniň we sag aýaklarynyň başam barmaklaryna gan çaldy. Galan gany bolsa ol gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi. Soňra Musa goçuň ýaglaryny – guýruk ýagyny, garyn-içegeleriň daşyndaky bar ýaglary, bagryň ýüzündäki ýag perdesini, iki böwregi daşynyň ýagy bilen we sag budy aldy. Musa Rebbiň huzuryndaky petirli sebetden bir petiri, zeýtun ýagyna ýugrulan hamyrmaýasyz külçäni, bir çelpegi alyp, olary ýagyň we goçuň sag budunyň üstünde goýdy. Bu zatlaryň hemmesini Musa Harun bilen onuň ogullarynyň eliniň aýasynda goýup, Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrdy. Soňra Musa bu zatlary olaryň ellerinden alyp, olary gurbanlyk sypasynda, ýakma gurbanlygy bilen bilelikde ýakdy. Bu Rebbe ot üsti bilen berlen ýakymly ysly belleme sadakasydy. Onsoň Musa döşi alyp, ony Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrdy. Bu belleme goçundan Musanyň paýydy. Musa bar zady Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi. Musa mesh ýagyndan we gurbanlyk sypasynyň üstündäki gandan alyp, Harunyň üstüne we eşiklerine, onuň ogullarynyň üstüne we eşiklerine sepeledi. Şeýdip, Haruny we onuň eşiklerini, onuň ogullaryny we olaryň eşiklerini bagyş etdi. Onsoň Musa Haruna we onuň ogullaryna şeýle diýdi: «Eti Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda bişiriň-de, ony şol ýerde belleme sadakalary üçin niýetlenen sebetdäki çörek bilen iýiň. Hudaý maňa: „Muny Harun we onuň ogullary iýsin“ diýdi. Etden we çörekden artanyny bolsa ýakyň. Belleme dabarasy tamamlanýança, siz ýedi günläp, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndan daşlaşmaň. Çünki bellenme dabarasy ýedi gün dowam etmelidir. Bu günki ýerine ýetirilen her bir iş Rebbiň tabşyrygy boýunça, siziň günäleriňizden saplanmagyňyz üçin edildi. Siz ýedi gije-gündiziň dowamynda Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda bolup, Rebbiň buýrugyny berjaý ediň, ýogsam ölersiňiz. Maňa Rebbiň buýrugy şeýledir». Harun we onuň ogullary Rebbiň Musa arkaly beren ähli tabşyryklaryny berjaý etdiler. Soňra ol Kora we onuň toparyna şeýle jogap berdi: «Özüniň kimdigini, kimiň mukaddesdigini we Rebbiň ýanyna kime golaýlaşmaga rugsat edilendigini Ol säher bilen aýan eder. Reb Öz saýlanyna ýanyna golaý barmaga rugsat eder. Bu ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk kişiniň Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgini hödür etmeli däldigini, ýogsam Koranyň we onuň ýoldaşlarynyň gününe düşjekdigini ýatladyp durmak üçindi. Elgazar bularyň baryny edil Rebbiň Musa arkaly özüne aýdyşy ýaly etdi.
Выбор основного перевода