Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Saňa äşgär etdim men öz günämi hem-de gizlemedim etmişlerimi. Diýdim: «Reb ýanynda boýun aljak ýazyklarymy». Sen hem bagyşladyň günämiň ýazygyny. Sela Munuň üçin sadyklaryň her biri günäsini aňlan wagty Saňa etsin dogany. Şonda, muňa ýokdur hiç şübhe: oňa ýetmez köp suwlaryň joşmagy. Hudaý Öz adalatyny görkezmek üçin Isa Mesihi iberip, Onuň dökülen gany arkaly iman edýänleri Özi bilen ýaraşdyrdy. Hudaý ozalky döwürde edilen günälere geçirimlilik etdi. Indi bolsa Isa Mesihe iman edýän her kesi aklaýar. Şeýdip, Ol Özüniň adalatlydygyny subut edýär. Onda näme, Hudaý Öz merhemetini bize köpden-köp görkezsin diýip, günä edibermelimi? Indi Mesihiň üsti bilen biziň hemmämiz bir Ruh arkaly Atanyň huzuryna baryp bilýäris. Öz merhemetini siz ýahudy dällere ýetirmek üçin, Hudaýyň maňa aýratyn tabşyryk berendigini, elbetde, eşidensiňiz. Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Isanyň gany arkaly indi biz Iň mukaddes otaga batyrgaýlyk bilen girip bilýäris.
Выбор основного перевода