Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Dillerinde Hudaýa öwgüler bolsun, ellerinde ikiýüzli gylyçlar bolsun. Dilimi kesgir gylyç kimin etdi, meni eliniň kölegesinde gizledi; ýiti ok edip, Öz sagdagynda ýaşyrdy meni. Meniň sözüm ot kimin, gaýany bölek-bölek edýän tokmak kimin dälmidir? Muny Reb aýdýandyr. Meni ret edip, sözlerimi kabul etmeýäne ahyrky günde Meniň hut şu aýdýan sözlerim höküm çykarar. Emma iman etmedik ýa-da düşünmeýäniň biri pygamberlik aýdylyp durka gelse, ol hemmeler tarapyndan paş edilip, höküm edilýändigini eşider. Şonda onuň ýürek syrlary aýan bolar-da, ýüzin ýykylar. «Hudaý, dogrudan-da, siziň araňyzda eken!» diýip, Oňa sežde eder. Biziň söweş ýaraglarymyz ynsan ýaraglary däl-de, Hudaýyň güýçli ýaraglarydyr. Biz olar bilen galalary ýykyp, her ýalan pikiri puja çykarýarys.
Выбор основного перевода