Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Men ýene: „Bu öýüň soňky şöhraty onuň öňki şöhratyndan hem has belent bolar“ diýýärin. Bu ýere abadançylyk bererin. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn». Hökmürowan Reb şuny jar edýär diý: „Ine, Şaha diýen adam. Ol öz ornundan şahalar çykarar we Rebbe ybadathana gurar. Hawa, Rebbe ybadathana gurjak şoldur. Ol şalyk şöhratyny gazanar, tagtynda oturyp şalyk sürer. Onuň tagtynyň ýanynda ruhany bolar we ol ikisiniň arasynda ylalaşykly maslahat bolar. Hawa, daş böleklerine oýulyp ýazylan Kanun ölüme höküm edýärdi. Emma muňa garamazdan, Hudaýyň şöhraty Musanyň ýüzüne çaýylypdy. Bu nur öçügsi bolsa-da, ysraýyl halkynyň gözüni gamaşdyrypdy. Eger ölüme höküm edýän hyzmatyň şöhraty şeýle bolsa, onda Hudaýa Mukaddes Ruh arkaly hyzmat etmekligiň şöhraty ondan parlak dälmidir?! Eger adamlary höküm edýän hyzmat şöhratly bolan bolsa, onda adamlary Hudaýyň nazarynda aklaýan hyzmatyň şöhraty ondan-da beýikdir. Çünki hemme zatdan beýik bolan şöhrat orta çykandan soň, ozalky şöhrat hiç bolup galdy. Eger wagtlaýyn hyzmat şeýle şöhratly bolsa, onda müdimilik hyzmat ondan gör-bak näçe şöhratlydyr! Emma Isa berlen ruhanylyk hyzmaty beýleki ruhanylaryňkydan beýikdir. Şeýle hem Ol täze ähtiň Binýatçysydyr, täze äht öňki ähtden üstündir we ygtybarly wadalara esaslanandyr. Indi biziň Hudaýyň halkyna jogapkär beýik Ruhanymyz bardyr.
Выбор основного перевода