Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýewreýlere hat
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Men oňa Ata, ol bolsa Maňa ogul bolar. Günä gazanaýsa welin, ony atanyň ogluny taýak bilen jezalandyryşy ýaly, Men hem ony jezalandyraryn. Men oňa Ata bolaryn, ol bolsa Maňa ogul bolar. Senden öň bolan Şawuly mahrum edişim ýaly, ony Öz sadyk söýgimden mahrum etmerin. Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ataň boldum Men. Biz häzir size Hoş Habary yglan edýäris: Hudaý Isany ölümden direldip, Öz perzentleri bolan biziň üçin ata-babalarymyza beren wadasyny berjaý etdi. Bu hakda ikinji mezmurda şeýle ýazylan: „Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men saňa Ata boldum“. Şonuň üçin Mesih hem Baş Ruhany bolmak üçin Özüni Özi şöhratlandyrmady. Tersine, Ony: «Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men Saňa Ata boldum» diýip aýdan Hudaý şöhratlandyrdy.
Ýewreýlere hat
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Выбор основного перевода