Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýewreýlere hat
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Menden dile, saňa bereýin milletleri miras hökmünde, tutuş älem-jahany mülk hökmünde. Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar. Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi. Emma kärendeçiler biri-birlerine: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldürip, mirasyny elinden alalyň“ diýişýärler. Tutuş barlyk Söz arkaly ýaradyldy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady. Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady. Sizi aýyplap aýtjak zatlarym köp. Meni Iberen hakdyr, Men Ondan eşidenlerimi dünýä äşgär edýärin» diýip jogap berdi. Mundan beýläk Men size gul diýmerin, sebäbi gul hojaýynynyň näme edýänini bilýän däldir. Men size dost diýýärin, sebäbi Atamdan eşiden ähli zatlarymy size aýtdym. Hakykatdan hem, Şamuwelden başlap, ähli pygamberler bu günleriň wakalary barada pygamberlik etdiler. Emma bellenilen wagt ýetip gelende, Hudaý Öz Ogluny iberdi. Ol aýaldan doglup, Mukaddes Kanuna laýyklykda ýaşady. Bu niýetiň amala aşyrylmaly wagty gelende, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zatlary bir Başa, ýagny Isa Mesihe birikdirer. Çünki ähli zatlar Ol arkaly ýaradylandyr. Gökdäki we ýerdäki, görünýän hem görünmeýän zatlary: tagtlardyr häkimiýetleri, hökümdarlary we erk-ygtyýarlylary – baryny Ol ýaratdy. Hemme zat Ol arkaly we Onuň üçin ýaradyldy. Biz älem-jahanyň Hudaýyň buýrugy bilen ýaradylandygyna, şeýle hem, görünýän zatlaryň görünmeýän zatlardan dörändigine iman arkaly düşünýäris.
Ýewreýlere hat
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Выбор основного перевода