Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musadan: «Eliňdäki näme?» diýip sorady. Ol hem: «Hasa» diýdi. Alamatlary görkezer ýaly, sen bu hasany hem öz ýanyň bilen al» diýdi. Ine, Musa aýaly Syporany we iki ogluny yzyna Midýana goýberensoň, olary Musanyň gaýynatasy Ýitro saklaýardy. Onuň bir oglunyň ady Gerşom (Ol ony: «Men bir ýat ýurtda gelmişek boldum» diýip dakypdy), beýleki oglunyň ady Eligezerdi (Onuň adyny bolsa: «Atamyň Hudaýy maňa ýardam berdi, Ol meni faraonyň gylyjyndan gutardy» diýip, şeýle dakypdy). «Hasany al we doganyň Harun bilen halky ýygna. Onsoň olaryň gözüniň alnynda gaýa: „Suw ber!“ diýip buýruk ber. Şeýdip, halka gaýadan suw çykaryp berersiň we olaryň mallaryny suwa ýakarsyň». Musa Rebbiň buýruşy ýaly baryp, hasany aldy.
Выбор основного перевода