Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Häzir bolsa ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýdi. Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraonyň öňünde Men seni Hudaý ýaly edýärin we doganyň Harun bolsa seniň pygamberiň ýaly bolar. Meniň saňa buýurýan tabşyryklarymyň ählisini sen aýtmalysyň, doganyň Harun bolsa faraondan ysraýyllary öz ýurdundan goýbermegini sorar. Reb Bilgamyň agzyna aýtmaly sözlerini salyp: «Ballagyň ýanyna bar we oňa şulary aýt» diýdi. Bilgam oňa: «Men diňe seresaplylyk bilen Rebbiň agzyma salan sözlerini aýtmaýarynmy näme?» diýip jogap berdi. Reb Bilgama göründi we onuň agzyna söz salyp: «Ballagyň ýanyna baryp, şu zatlary aýt» diýdi. Emma sen bu ýerde Meniň ýanymda gal. Ähli tabşyrygy, parzlarymdyr hökümleri olara öwrederiň ýaly, Men olary saňa aýdaryn. Goý, olar bulary mülk edip berjek ýurdumda berjaý etsinler“». Men olar üçin öz halkynyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn. Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Men sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin. patyşanyň ýanyna baryp, meniň diýenlerimi oňa aýdarsyň» diýip, aýtmaly sözlerini onuň agzyna salyp berdi. «Sözlerimi agzyňa saldym, seni elimiň kölegesinde gizledim; gökleri berkarar etdim, ýeriň düýbüni tutdum, Siona: „Sen Meniň halkymsyň“ diýdim».
Выбор основного перевода