Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we olary saklajak ýigrimi sany dabany bürünçden ýasa; sütünleriň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden bolsun. Demirgazyk tarapy üçin hem şeýle et. Onuň boýuna ýüz tirsek uzynlykda perdeler tut. Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany dabany bürünçden ýasa, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden bolsun. Haýadyň günbatar tarapyna elli tirsek uzynlykda perdeler tutulsyn we ol perdeler üçin on sany sütün we on sany daban ýasa. Haýadyň öň tarapy bolan gündogar tarapynyň giňligi elli tirsek bolsun. Onuň bir tarapyna uzynlygy on bäş tirsek bolan perdeler tut. Olaryň hem üç sütüni we üç dabany bolsun. Beýleki tarapyna hem on bäş tirsek uzynlykda perdeler tut, onuň-da üç sütüni we üç dabany bolsun. Haýadyň girelgesine gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan uzynlygy ýigrimi tirsek bolan perdeler tut we olary nagyşlar bilen keşdele. Onuň dört sütüni we dört dabany bolsun. Haýadyň töweregindäki ähli sütünler kümüş bilen jäheklensin. Onuň ildirgiçleri kümüşden, dabanlary bürünçden bolsun. Haýadyň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsek, beýikligi bäş tirsek bolsun. Onuň nepis zygyr matadan perdeleri we bürünçden dabanlary bolsun. Mukaddes çadyrda ulanylýan ähli esbaplar, onuň ähli gazyklary we onuň haýadynyň ähli gazyklary bürünçden bolsun. Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we olary saklaýan ýigrimi dabany bürünçden ýasady, sütünleriniň ildirgiçlerini we jäheklerini kümüşden etdi. Demirgazyk tarapy üçin hem şeýle etdi. Onuň boýuna ýüz tirsek uzynlykda perdeler tutdy. Perdeler üçin bürünçden ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany daban ýasady, emma onuň ildirgiçlerini we jäheklerini kümüşden ýasady. Haýadyň günbatar tarapy üçin elli tirsek uzynlykda perdeler tutdy we perdeler üçin on sany sütün we on sany daban ýasady. Sütünleriň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden edilendi. Sütünler üçin dabanlar bürünçden edilendi, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşdendi, onuň ýokarsynyň örtükleri hem kümüşdendi. Haýadyň ähli sütünleri kümüş bilen jäheklenendi.
Выбор основного перевода