Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musa şeýle diýdi: «Ysraýyllaryň hasabyny almak üçin, ilat sanawyny geçir. Hasaba alnanlaryň hemmesi öz jany üçin Maňa töleg tölesin. Şonda töleg töläp hasaba alnan adamlaryň başyna hiç hili bela inmez. Ine, hasaba alnanlaryň tölemeli zady: mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça ýarym şekel kümüş. Bir şekel iki mysgala deňdir. Maňa sadaka hökmünde ýarym şekel kümüş bersinler. Hasaba alnanlaryň ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň her biri şu mukdarda Maňa sadaka bersin. Baýam, garybam şol ýarym şekeli tölesin. Töleg şundan az-da bolmasyn, köp-de. Siz şu sadakany Maňa bereniňizde, günäňizden saplanarsyňyz. Ysraýyllaryň günälerinden saplanmagy üçin, olardan pul ýygna we ony Maňa ýüz tutulýan çadyryň hyzmaty üçin sarp et. Jany üçin töleýän tölegi Meniň huzurymda ysraýyllara ýatlama bolar».
Выбор основного перевода