Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakymly ysly tütetgi üçin akasiýa agajyndan sypa ýasa. Onuň uzynlygy-da, ini-de bir tirsek bolup, ol dörtburç bolsun. Onuň beýikligi iki tirsek bolup, çykyp duran burçlary bilen bile tutuş bir bitewi edilsin. Onuň depesini, ähli taraplaryny we burçlaryny sap altyna gapla. Onuň daş-töweregine altyndan jähek çek. Onuň üçin altyndan iki sany halka ýasa we olary jähegiň aşagyndan biri-birine garşy edip, iki tarapyna dak. Sypany göterip gider ýaly, ol halkalardan syryklar geçir. Syryklary akasiýa agajyndan ýasa we olary altyna gapla.
Выбор основного перевода