Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Akasiýa agajyndan hantagta ýasat. Onuň uzynlygy iki tirsek, ini bir tirsek we beýikligi bir ýarym tirsek bolsun. Ony sap altyna gapla we daş-töweregine altyndan jähek salsynlar. Hantagtanyň gyralaryna dört barmak giňlikde gurşaw etdir we gurşawyň daş-töweregine altyndan jähek saldyr. Hantagta üçin altyndan dört sany halka ýasat. Halkalary onuň dört künjündäki dört aýagyna berkitsinler. Hantagtany göterip äkider ýaly halkalardan geçen syryklary gurşawa ýakyn ýerleşdirsinler. Syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary altyna gapla. Hantagta şu syryklar bilen göterilmelidir. Ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, sadaka hökmünde şerap bermek üçin küýzeler we şakäseler ýasat. Olar sap altyndan bolsun.
Выбор основного перевода