Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýlelikde, erkekler hem, aýallar hem birlikde geldiler. Olaryň hemmesi öz göwnünden çykaran bileziklerini, gulakhalkalaryny we möhür basylan ýüzükler, gülýakalar getirdiler. Olaryň hemmesi altyndan ýasalandy. Hemmeler altyndan ýasalan zatlaryny Rebbe sadaka bermek üçin getirdiler. Gidegon olara: «Olja edip alan altyn gulak halkalaryňyzdan maňa heriňiz birini beriň» diýdi. (Duşmanda gulakhalka köpdi, çünki olar ysmaýyllardy.) Olar: «Höwes bilen bereris!» diýip, ýere geýim düşäp, onuň üstüne adam başyna bir gulak halka taşladylar. Altyn-kümüş düwmelerden, midýan patyşalarynyň goýy gyrmyzy reňkli geýimlerinden hem-de olaryň düýeleriniň boýnuna dakylýan altyn halkalaryndan başga, onuň ýygnan diňe gulak halkalarynyň agramy takmynan bir batman boldy.
Выбор основного перевода