Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şundan soň, Reb halkynyň üstünden bela-beter indermek pikirinden el çekdi. Musa Rebbe şeýle diýdi: «Onda bu zatlary müsürliler eşiderler, onsoň olar muny biziň barýan ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna aýdarlar, çünki bu ysraýyl halkyny Öz gudratyň bilen müsürlileriň arasyndan Sen alyp çykdyň. Bu ýurduň ýaşaýjylary bolsa, ýa Reb, Seniň bu ysraýyl halkynyň arasyndadygyňy, ýa Reb, olar bilen ýüzbe-ýüz görüşýändigiňi, Seniň buludyňyň olaryň depesindedigini we olara gündizine bulut sütüni, gijesine ot sütüni bolup, ýol görkezýändigiňi eýýäm eşitdiler. Ýogsam, Seniň bizi alyp çykan ýurduňdaky adamlar bize: ‘Reb olary söz beren ýerine getirip bilmedi. Reb olary ýigrenýändigi sebäpli, çölde öldürmek üçin Müsürden çykaryp getiripdir’ diýerler.
Выбор основного перевода